Netijeleri görmek üçin Enter basyň, Bes etmek üçin esc düwmesine basyň.

Ýewropada koronowirusa garşy sanjym alanlar keselden sagalan adamlardan köpelýär

Share

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebitiniň  ýaşaýjylarynyň arasynda koronowirusa garşy sanjym alanlaryň sany keselläp sagalan adamlardan köpelýär. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, Ýewropada COVID-19 ýokanjy bilen näsaglamanyň ilkinji gezek hasaba alnany bäri 500-e golaý gün geçdi. Maglumatlara görä, şol wagt aralygynda Ýewropanyň umumy ilatynyň 5,5 göterimi koronowirus ýokanjy bilen keselledi. Häzirki güne çenli COVID-19-a garşy doly sanjym alanlaryň umumy sany bolsa 7 göterime ýetdi.

Soňky maglumatlara görä, bu sebitde koronowirus bilen näsaglanlaryň sany görnetin azalýar. Şeýle hem bolsa Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy ýewropalylary ätiýaçlygy elden bermezlige we ähli arassaçylyk düzgünlerini berja ýetmäge çagyrýar.