Netijeleri görmek üçin Enter basyň, Bes etmek üçin esc düwmesine basyň.

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň ýokary derejeli forumynda çykyş etdi

Share

(Maglumat çeşmesi: TDH)

25-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Gazylyp alynýan pudaklar durnukly ösüşiň hereketlendirijisidir» diýen ugur bilen geçirilen ýokary derejeli ählumumy «tegelek stoluň» başyndaky maslahata gatnaşdy. Onlaýn görnüşindäki maslahaty Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş geçirdi.

Oňyn bitaraplyk, parahatçylyksöýüjilik we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistan BMG bilen gatnaşyklaryny işjeň ösdürýär. Bu hyzmatdaşlyga strategik häsiýet mahsusdyr. Toplanan baý tejribä daýanmak arkaly häzirki döwürde däp bolan hyzmatdaşlyk çägini giňeldýär we täze ugurlary öz içine alýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň binýatlaýyn Konwensiýalaryna we resminamalaryna, şol sanda howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygyna goşulmak arkaly, türkmen döwleti öz üstüne alan borçnamalaryny birkemsiz ýerine ýetirýär hem-de ählumumy Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge özüniň parahatçylyksöýüjilik we döredijilik mümkinçiliklerini gönükdirýär.

Bu foruma birnäçe döwletleriň we hökümetleriň baştutanlary, ministrler, iri halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, akademiki toparlaryň, seljeriş merkezleriniň bilermenleri, hususy pudagyň we raýatlyk jemgyýetleriniň wekilleri gatnaşdylar. Onuň baş maksady ählumumy, sebit hem-de milli derejelerde 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini durmuşa geçirmäge ýaramaz täsir edýän howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek üçin anyk hereketleri we teklipleri kesgitlemekden ybaratdyr.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda öndürilýän önümleriň uglerod göterimi yzygiderli peselýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe maglumatlary mysal hökmünde beýan etdi.

Türkmenistanyň Üçünji milli maglumatlarynyň çäklerinde geçirilen bilermenleriň bahalaryna görä, 2030-njy ýyla çenli döwürde ykdysadyýetiň ösüşi jemi içerki önümiň birligine görä energiýa sarp edilişiniň udel agramy peseler. Şeýlelikde, ugleturşy gazyň zyňyndylarynyň möçberini 2025-nji ýylda 122 göterime çenli, 2030-njy ýylda bolsa 118,1 göterime çenli peseltmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzda tokaýlary dikeltmek, howa şertleriniň täsirini peseltmek üçin ýerden peýdalanmak usullaryny gowulandyrmak ugrunda uýgunlaşdyryjy çäreler giňden ornaşdyrylýar. «Gök guşak» umumymilli maksatnamasynyň çäklerinde, suwaryşyň oňyn suw tygşytlaýjy usullaryny ulanmak arkaly, şäherleriň töwereklerinde ägirt uly meýdanlary tutýan tokaý zolaklary döredildi. Diňe şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda goşmaça 30 million düýp bag nahallaryny ekmek meýilleşdirilýär.

Bu işler uzak geljegi nazarlamak bilen, maksatnamalaýyn esasda we netijeli, şol sanda döwlet-hususy pudak gatnaşyklary esasynda alnyp barlar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwrüň çynlakaý ekologiýa wehimlerine garşy durmakda halkara tagallalaryň birleşdirilmegine we berkidilmegine üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklap, Türkmenistan birnäçe anyk hem-de gaýragoýulmasyz başlangyçlary teklip edýär.

Hususan-da, BMG-niň pes uglerodly energetikany ösdürmek boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen Strategiýasyny işläp taýýarlamaga girişmek zerurdyr. Ikinji teklip, BMG-niň howandarlygynda energetikanyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde wodorody ösdürmek boýunça halkara «Ýol kartasyny» döretmek  möhümdir.

Bu teklipleri öňe sürmek bilen, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň ýakyn wagtda bilermenleriň derejesinde olary durmuşa geçirmegiň ýollaryny we esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz çykyşyny tamamlap, «tegelek stoluň» başyndaky maslahata gatnaşanlara öňde goýlan maksatlara ýetmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň wideoýüzlenmesi oňa gatnaşanlar tarapyndan uly üns bilen diňlenildi.