Netijeleri görmek üçin Enter basyň, Bes etmek üçin esc düwmesine basyň.

Toý-baýramly günleriň beýany

Share

(Maglumat çeşmesi: TDH)

25-nji maýda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ählisinde «Soňky jaň» dabaralary geçirildi. Bu ajaýyp baýram «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy hem-de Aşgabadyň 140 ýyllygy bellenilýän ýylda uçurymlaryň onlarça müňüsi üçin ýatdan çykmajak waka öwrüldi.

Her bir adamyň durmuşynda mekdep bilen hoşlaşyk pursady tolgundyryjy duýgular bilen gurşalýar. Şol bir wagtyň özünde bu dabara özbaşdak durmuşa gadam basmagyň begenjine, umytlara hem-de täze sepgitlere ymtylyşlara beslenýär.

Hormatly Prezidentimiziň 2020 — 2021-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli geçirilen baýramçylyk dabaralarynda okalan Gutlagynda orta mekdepleriň okuwçylaryna ak ýol arzuw edilýär.

Ýene-de sanlyja günden uçurymlar üçin jogapkärli pursat — gutardyş synaglary başlanar. Orta bilim hakynda şahadatnama düýnki mekdep okuwçylarynyň öňünde ak ýollary, ýurdumyzyň, şonuň ýaly-da daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde bilimlerini dowam etdirmek üçin giň mümkinçilikleri açar.

*     *     *

25-nji maýda Türkmenistanda Aşgabat şäheriniň güni hem-de onuň döredilmeginiň 140 ýyllygy bellenilýän günde paýtagtymyzda doglan ilkinji çagalaryň ene-atalaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy hem-de mähirli gutlaglar, bagtly durmuş, berk jan saglyk we abadançylyk barada arzuwlar beýan edildi.

Körpejeler Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezde dünýä indiler. Selbi we Yslam Orazmyradowlaryň maşgalasynda oglanjyk, Aýna we Ýazmuhammet Atajykowlaryň maşgalasynda bolsa gyzjagaz doguldy. Bäbejikleriň ikisi hem bu maşgalalaryň birinji çagalarydyr. Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine habar berlişi ýaly, körpejeleriň saglygy kadaly. Oglanjygyň agramy 3 kilogram 985 gram, gyzjagazyň agramy bolsa 3 kilogram 720 gram. Körpejeleriň ikisiniň hem boýy 53 santimetr.

Ýaş maşgalalar, heniz çagalary dünýä inmänkä, hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 25-nji maýynda ilkinji doglan oglanjyga Paýtagt ýa-da Aşgabat, gyzjagaza bolsa Merjen ýa-da Maýa adyny dakmak barada teklibini uly ruhubelentlik bilen kabul etdiler. Şoňa görä-de, körpejeleriň ene-atalary şeýle belent ýörelgeden ruhlanyp, oglanjyga Aşgabat, gyzjagaza bolsa Merjen adyny dakmak kararyna geldiler.

*     *     *

24 — 25-nji maýda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna bagyşlanylan «Ak şäherim Aşgabat» atly XX halkara köpugurly sergi guraldy.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary bilen geçýän hem-de ýurt Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bellenilýän ýylda Aşgabat şäheriniň häkimligi hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralýan bu gezekki forum aýratyn ähmiýete eýe boldy. Garaşsyz Türkmenistan ösen senagat döwletine öwrülmek bilen, bütin dünýä ýokary ykdysady ösüşiň, serişdeler mümkinçilikleriniň hem-de ýurdumyzyň ägirt uly kuwwatynyň nusgasyny görkezýär, ählumumy dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna çalt depginde goşulyşýar.

Sergä kärhanalaryň we beýleki düzümleriň 90-dan gowragy, şol sanda daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Munuň özi foruma ýokary gyzyklanma bildirilýändigini görkezýär. Aşgabat okgunly ösýän häzirki zaman şäheriniň täsin nusgasydyr. Bu ýerde gözellik bilen amatlylyk, binagärligiň öňdebaryjy gazananlary, inžener-tehniki çözgütler we gadymdan gelýän milli binagärlik ýörelgeleri, şeýle hem türkmen halkynyň özboluşly durmuş ýörelgeleri sazlaşýar.