Netijeleri görmek üçin Enter basyň, Bes etmek üçin esc düwmesine basyň.

Telefon arkaly söhbetdeşlikler

Share

(Maglumat çeşmesi: TDH)

13-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Goňşy döwletleriň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, birek-biregi ähli musulmanlar üçin mukaddes bolan aýyň tamamlanmagy hem-de Oraza baýramy bilen gutladylar. Rehimdarlyk, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, päk ahlaklylyk ýaly umumadamzat ruhy gymmatlyklarynyň nyşany bolan bu ajaýyp baýramyň iki ýurduň we halklaryň arasyndaky dostluk hem-de doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirildi.

Iki ýurduň döwlet Baştutanlary özara gyzyklanmalara, halklarymyzyň taryhy, medeni hem-de ruhy gymmatlyklarynyň umumylygyna daýanýan dostlukly türkmen-gazak gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de hoşniýetli goňşuçylyk hem-de umumy bähbitlere gönükdirilen özara hyzmatdaşlygyň ruhunda depginli ösdüriljekdigine we giňeldiljekdigine ynam bildirdiler.

*     *     *

Şol gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Ýosihide Suganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşligiň başynda ýapon hökümetiniň Baştutany döwlet Baştutanymyza kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy zerarly gynanç we duýgudaşlyk sözlerini beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz medet beriji sözleri üçin jenap Ýosihide Suga minnetdarlyk bildirip, Ýaponiýanyň şu agyr pursatda gynanjyny paýlaşýandygyna ýokary baha berdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda taraplar häzirki döwürde türkmen-ýapon dostlukly aragatnaşyklaryň işjeň we netijeli häsiýete eýedigini, özara düşünişmek, ynanyşmak hem-de birek-birege goldaw bermek gatnaşyklarynyň ýokary derejede alnyp barylýandygyny nygtap, olaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýandygyny bellediler.

*     *     *

Şol gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Iki ýurduň döwlet Baştutanlary mähirli salamlaşyp, Oraza baýramy mynasybetli birek-biregi gutladylar hem-de türkmen we gyrgyz halklaryna abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler. Söhbetdeşler umumadamzat ahlak gymmatlyklaryny we ruhy ösüşi alamatlandyrýan bu nurana baýramyň dostlukly döwletara gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýändigini bellediler.

Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň  döwlet Baştutanlary bar bolan mümkinçilikleri hem-de häzirki ýagdaýlary nazara almak bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar we netijeli hyzmatdaşlygy, şol sanda iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda gatnaşyklary ýola goýmaga hem-de işjeňleşdirmäge ýardam edýän işewür duşuşyklary geçirmegiň ähmiýetini aýratyn bellediler.

*     *     *

Şol gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşler söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini belläp, häzirki wagtda iki ýurduň gatnaşmagynda bilelikdäki iri taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini nygtadylar. Şunda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygy aýdyň mysal hökmünde görkezildi.

Gürrüňdeşligiň dowamynda söhbetdeşler häzirki wagtda iki goňşy döwletiň tagallalary netijesinde, sebitiň we dünýäniň durnukly ösüşini gazanmaga gönükdirilen täze ulag-energetika geçelgesiniň döredilýändigini kanagatlanma bilen bellediler.