Netijeleri görmek üçin Enter basyň, Bes etmek üçin esc düwmesine basyň.

Telefon arkaly söhbetdeşlik

Share

(Maglumat çeşmesi: TDH)

30-njy aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň başynda dostlukly ýurduň Baştutany Türkmenistanyň Prezidentiniň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy zerarly, çuňňur gynanç bildirip, tüýs ýürekden duýgudaşlyk sözlerini ýene-de bir ýola beýan etdi hem-de şu agyr günlerde türkmen Liderine, maşgala agzalaryna güýç-kuwwat we durnuklylyk arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz duýgudaşlyk sözleri we hoşniýetli arzuwlary üçin Bahreýniň Patyşasyna minnetdarlyk bildirip, agyr ýitgi zerarly, şu kyn günlerde ýakyn dostuň bildirýän uly duýgudaşlygynyň möhümdigini belledi.

Söhbetdeşler telefon arkaly gürrüňdeşligiň dowamynda özara bähbitlilik we uzakmöhletleýinlik esasynda ýola goýulýan türkmen-bahreýn hyzmatdaşlygynyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar döwletara gatnaşyklaryň häzirki derejesine kanagatlanma bildirip, ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Iki dostlukly ýurduň Baştutanlary pursatdan peýdalanyp, bütin musulman dünýäsi üçin mukaddes bolan Oraza aýy mynasybetli ýene-de bir ýola birek-birege gutlaglaryny we iň oňat arzuwlaryny aýtdylar.