Bedewi bar halkymyň

Share

Gahryman Arkadagymyzyň ahalteke bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmak, olary gorap saklamak babatda alyp barýan işleri örän uludyr. Häzirki wagtda ajaýyp ahalteke bedewlerimiz ýurdumyzyň gazanýan ägirt uly üstünlikleriniň aýdyň alamaty bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz bedewlere bolan belent söýgüsi esasynda ahalteke atlarynyň tohumyny gorap saklamak, köpeltmek hem-de wagyz etmek boýunça işleri döwlet syýasaty derejesine çykardy. Gahryman Arkadagymyzyň «Ganatly bedewler», «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly ajaýyp kitaplarynda owadanlykda, ýyndamlykda deňi-taýy bolmadyk türkmen ahalteke bedewlerimiziň waspyny ýokary ussatlyk bilen ýetirýär.

Doly oka