Netijeleri görmek üçin Enter basyň, Bes etmek üçin esc düwmesine basyň.

Dünýäde iň uzyn adam

Share

Ginnesiň Rekordlar kitabynda berilýän maglumatlara laýyklykda, häzirki wagtda dünýäde iň uzyn adam türk fermeri Soltan Kösendir. Ol 1982-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Mardinde doglupdyr. Onuň boýy 2 metr 51 santimetr. Dabanynyň boýy 36 santimetre ýetýär.

Soltan Köseniň dabanynyň uzynlygy 1982-nji ýylda Parižde doglan, Marokkada ýaşaýan Brahim Takiolahyňkydan iki santimetr gysgadyr. Brahimiň dabanynyň uzynlygy 38,1 santimetr diýlip kesgitlenipdir. Ol boýunyň uzynlygy babatda Soltan Kösenden 6 santimetr pesdir. Şonuň ýaly-da, Soltan Köseniň boýy taryhda iň uzyn adam hökmünde Ginnersiň rekordlar kitabyna giren, Robert Perşing Uodloudan 21 santimetr gysgadyr.