Netijeleri görmek üçin Enter basyň, Bes etmek üçin esc düwmesine basyň.

COVID-19-a garşy waksinalaryň önümçilik syryny aradan aýyrmak teklip edildi

Share

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň baş direktory Tedros Gebreýesus tarapyndan birnäçe wagt bäri adatdan daşary ýagdaýlarda synaglardan geçirilen COVID-19-a garşy öňüni alyş sanjymlarynyň peýdalanmagyna degişli patent talapnamalaryny aradan aýyrmak boýunça teklip öňe sürülýär. Tedros Gebreýesusyň bellemegine görä, köp wagty talap edýän bu resminamalaryň aradan aýrylmagy sanjymlaryň önümçiligini ýokarlandyrmaga we ilaty sanjymlaşdyrmak işleriniň ýokary depgine eýe bolmagyna ýardam eder.

Birleşen Milletler Guramasynyň resmi saýtynda habar berilmegine görä, ABŞ-nyň hökümeti Tedros Gebreýesusyň teklibini goldamak bilen, COVID-19-a garşy sanjymlary öndürmekde talap edilýän intellektual husuýetçilik boýunça gorag kadalaryny hem-de önümçilik syrlaryny aradan aýyrdy. Bu başlangyç esasynda derman serişdelerini öndüriji kompaniýalar waksinalaryň önümçiliginde ulanylýan tehnologiýalaryň syryny äşgär etmäge borçlanýarlar. BSGG-niň öňe süren teklibini ABŞ-nyň hökümetiniň goldamagy we oňa geljekde beýleki dünýä döwletleriniň goşulmagy derman serişdelerini öndüriji ýerli kompaniýalara COVID-19-a garşy sanjymlary öndürmäge, netijede dünýä ilatyny sanjymlaşdyrmak derejesini çaltlandyrmaga ýardam eder.