Netijeleri görmek üçin Enter basyň, Bes etmek üçin esc düwmesine basyň.

«Aşgabat-sitiniň» gurluşygyna badalga berdi, täze ýaşaýyş toplumy açyldy

Share

25-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň güni we paýtagtymyzyň 140 ýyllyk baýramy mynasybetli paýtagtymyzyň demirgazygynda «Aşgabat-siti» iri ýaşaýyş toplumynyň düýbüni tutmak we iki gatly täze ýaşaýyş jaýlaryny ulanmaga bermek boýunça guralan dabaralara gatnaşdy.

Şeýle hem şol gün bellenilýän goşa baýramyň hormatyna Aşgabadyň ýollaryna «Hyundai All New Super Aero City» kysymly täze awtobuslaryň köp sanlysy we «Toyota Corolla» kysymly ýeňil taksileriň hem köp sanlysy çykdy. Şol gün şäherara ugurlar boýunça gatnawy ýerine ýetirýän ähli awtobuslar ýolagçylara mugt hyzmat etdi. Munuň özi paýtagtyň ilaty we onuň myhmanlary üçin özboluşly baýramçylyk sowgadyna öwrüldi.

«Aşgabat-sitiniň» taslamasyna laýyklykda, bu ýerde ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlary bilen bir hatarda durmuş düzümine degişli beýleki desgalar, edara binalary, stadionlar, täze şäheriň çar künjüne uzaýan döwrebap ýollar, ýerasty we ýerüsti geçelgeler, köp gatly awtoduralgalar bolar. Bellenilişi ýaly, binalaryň üpjünçiliginde, şäher hojalygynyň dolandyryş düzüminde täzeçil tehnologiýalar, sanly ulgam işjeň ulanylar. Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýerde oturdylan «Türkmeniň ak öýi» binasyna bardy. Hormatly Prezidentimiz ýygnananlara ýüzlenip, ilki bilen hemmeleri, ildeşlerimizi her bir türkmenistanlynyň buýsanjyna we gözguwanjyna öwrülen ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň güni, şeýle-de onuň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy bilen gutlap, onuň uly dabaralara beslenip, giňden bellenilip geçilýändigini aýtdy.

Ýakyn geljekde paýtagtymyzyň şu ýerinde «şäher içindäki şäher» taslamasy amala aşyrylyp, ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş toplumy emele geler. Desgalaryň hemmesi özboluşly bezeg aýratynlyklary, gurluşy, binagärlik çözgütleri bilen tapawutlanar. Şolaryň gurluşygynda we bezeg işlerinde dünýäniň ösen tejribesi bilen milli binagärlik ýörelgeleri utgaşdyrylar.

Soňra döwlet Baştutanymyz ýadygärlik ýazga gol çekip, ony ýörite guta ýerleşdirdi. Asylly däbe görä, hormatly Prezidentimiz gutyny täze gurluşygyň binýadyna atyp, ýaşaýyş toplumynyň gurluşygynyň ilkinji betonyny atdy. Hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşanlar bilen mähirli hoşlaşyp, egindeşleri bilen paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde ýerleşýän Çoganly ýaşaýyş toplumynda şanly sene mynasybetli açylýan 140 sany iki gatly ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine tarap ugrady.

Döwlet Baştutanymyz toplumyň çägine girdi. Köçeleriň ugrunda aýdym-saz we döredijilik toparlarynyň, sungat ussatlarynyň çykyşlary biri-biriniň üstüni ýetirdi. Täze ýaşaýyş toplumy paýtagtymyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän şähergurluşyk maksatnamasynyň aýdyň netijesidir. Gahryman Arkadagymyz gurlan binalaryň gurluşyny, olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyny synlady. Soňra hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşanlar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Şeýlelikde, şol günki baýramçylyk dabaralary eziz Diýarymyzyň täze taryhyna ajaýyp sahypany ýazdy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynda hem-de ähli sebitlerinde ýaýbaňlandyrylan iri möçberli özgertmeler maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.